Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we BMG-niň Çagalar fondy (ÝUNISEF) 5 ýaşa çenli çagalardan COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda örtükleri dakynmagy talap etmezligi maslahat berýär diýlip, BSGG-niň saýtynda neşir edilen informasion býulletende habar berilýär. Muny RIA Nowosti ýetirýär.
“5 ýaşyndaky we ondan kiçi ýaşdaky çagalardan örtükleri dakynmagy talap etmek gerek däl. Bu çaganyň howpsuzlygyna we umumy islegine, şeýle-de örtügi minimal kömek bilen degişli usulda ulanyp biliş ukybyna esaslanýar” – diýlip, maslahatda aýdylýar.
Eger-de örtügi 6-dan 11 ýaşa çenli aralykdaky çagalar ulansa, onda kesgitli şertleri göz öňünde tutmaly. Gürrüň wirusyň çaganyň ýaşaýan ýerinde ýaýraýyş derejesi, çaganyň örtügi howpsuz we dogry ulanyp biliş ukyby, ulular tarapyndan degişli gözegçilik, örtügi dakynmagyň bilime we psihososial ösüşe edip biljek täsiri, şeýle-de gorag örtüklerine elýeterlilik, olary çalşyryp durmak we ýuwmak mümkinçiligi barada gidýär.
12 ýaşyndaky we ondan ýokary ýaşdaky çagalar ulular bilen deň derejede örtügi dakynmaly diýip, guramada hasaplaýarlar.
“BSGG we ÝUNISEF 12 ýaşyndaky we ondan uly ýaşdaky çagalara örtügi ulularyňky ýaly şertlerde, aýratynam, beýleki adamlardan 1 metrden az bolmadyk araçägi berjaý edip bilmedik ýagdaýlarynda we wirusyň giňden ýaýran ýerlerinde dakynmagy maslahat berýär” – diýlip, resminamada habar berilýär.
Öň, BSGG-niň müdiri Tedros Adhanom Gebreýesus adamzadyň koronawirus pandemiýasyny iki ýyldan az wagtyň içinde, aýratynam, eger-de ähli tagallalar birikdirilse we hemmetaraplaýyn raýdaşlyk edilse, ýeňip biljekdigini aýtdy. Ol koronawirusa garşy sanjymyň döredilmeginiň pandemiýanyň tamamlanmagyna getirmejekdigini we jemgyýetiň täze şertlerde ýaşamagy öwrenmelidigini hem aýtdy.
BSGG-de örtükleri dakynmak üçin iň aşak ýaşy aýtdylar
