Dürli hili elektronika enjamlary öndürýän “Sony” korporasiýasy özüniň täze
“Xperia 8 Lite” smartfon kysmyny köpçülige tanyşdyrdy. Bu smartfon geçen ýylyň
fewralynda öndürilen “Xperia 10” smartfonyna çalymdaş bolup, diňe kamerasynyň
täzeligi bilen tapawutlanýar.
“Sony Xperia 8 Lite” smartfonunyň esasyna bir kristally Snapdragon 630
ulgamy oturdylyp, 6 dýuýmly ŽK panelli, Full HD + we 21:9 giňlikdäki ölçeg
bilen üpjün edilendir. Smartfonyň esasy kamerasynda 12 we 8 megapiksel
geçirijiler, şeýle-de F/1,8 we F/2,4 diafragmaly obýektiwler ýerleşýär. “Xperia 10”
bilen deňeşdirilende onuň kameralarynyň durulyk esaslary örän tapawutly bolup
durýar.
Käbir internet habarlarynda bu smartfonyň ýokary durulykdaky fotosuratlary
almaga mümkinçilik berjekdigi barada aýdylýar. Muňa bolsa onuň obýektiwleri
ýaardam edýär. 8 megapiksellik kamera çuňlugy aýdyňlaşdyrmaga ýardam berýär.
Şeýle-de smartfonda iki esse güýçli optimik golaýladyjy ulgam bar.
Smartfonyň öňki kamerasy 8 megapiksel durulykda bolup, onuň obýektiwi
F/2,0 diafragmalydyr. Şeýle-de onuň audio birikdirijisi 3,5mm bolup, 2870 Ma/sag
göwrümli akkumulýatory, USB-C alyjy port esasy bardyr. Smartfon Android 9 Pie
operasion ulgamyň esasynda işleýär.
Häzirki wagtda Ýaponiýada bu smartfonyň 4 GB operatiw ýady, 64 GB hem
fleş ýady bilen 280 dollara bahalandyrylýar.