Berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň ýaşaýyşynda binagärligiň beýik desga gurluşyklary Watanymyzyň sport hereketini öňe çykarmak syýasy ýörelgesi esasynda ähmiýetli ornuna eýedir. Sport desgalary dünýä sport hereketinde abraýly parahatçylygyň ilçisi bolup durýar we hormatly Prezidentimiz: “Häzirki dünýäde sport halkara hyzmatdaşlygynyň örän möhüm bölegi bolup, özära ynam, hormat goýmak we özära düşünşmek ýagdaýyny kemala getirmäge uly goşant goşýar” bellemek bilen türkmen sportunyň tutýan ornuny kesgitleýär. Bu beýik derejeli orun biziň paýtagtymyzda gurlan sport toplumlarynyň ýerine ýetirýän wezipesini görkezýär. Aşgabat şäheriniň Olimpiýa sport toplumy, Aşgabadyň Olimpiýa stadiony, Hazar deňziniň güneşli kenaryndaky sport suwda ýüzmek üçin suw toplumy we başga-da açylan täze sport zallary, at çapyşyk aýlawlary, medeni-sport çäreleriniň geçirilýan meşhur ýerlerine öwrüldi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň döreden binagärlik taslamalarynda sport temasyny giňden suratlandyrylýar. “Binagärlik” fakultetiniň talyplary sport temasyny özboluşly çeper beýan edip, hereketli we ýiti şekilleriniň ýa-da sportuň nyşanlarynyň üsti bilen türkmen jemgyýetiniň sagdyn ýörelgesini açmaga mümkinçilik berýän sport binalarynyň gurluşyklarynyň birnäçe çeperçilik taslamalary ýerine ýetirýärler.
Olimpiýa sport oýunlarynyň gadymy grek sungatynda heýkelleriniň, relýefleriniň owadan täsirli hereketiniň güýjüni şäherdäki ýollaryň we meýdançalaryň, sport zallarynyň interýeriniň we eksterýeriniň bezeginde giň görkezýärdiler. Akademiýanyň binagärlik fakultetiniň talyplary hem bu çeper ýorelgäni dowam edýärler. Ýaş binagär Ruslan Rustamowyň köp ugurly sport mekdebiniň taslamasynyň maketini Türkmenistanda çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda sport hereketine, sporta bolan uly höwäsini amala aşyrmak üçin sport mekdebiniň makettini özboluşly görnüşde göz önune getirýär. Talyplar Sapa Wepaýew, Laçyn Ataýewa we Aşyrgeldi Nurmedow köp ugurly zalynyň taslamasyny hem-de “Sport daragty”, “Behişdi bedewler” atly binalary şäheriň ýol bezegi hökmünde teklip edýärler. Aganazar Babanazarowyň sporta bagyşlanan “Sport” binasy şäheriň görküne görk goşýar.
Türkmen jemgyýetinde gadymy döwürden bäri meşhur bolan küst öýnuny talyp Begli Ataýewyň küşt merkeziniň taslamasynda geçirmegi makullanmaga mynasypdyr. Binagär Röwşen Nurgeldiýewiň köp ugurly göreş, boks, agyr atletika sport merkeziniň taslamasy häzirki zaman bütindünýä ülňelerine gabat gelýär.
Türkmenistanyň ýaş binagärleriniň çeperçilik döredijiligi sport hereketinde nusgawy owadan adam bedeniniň şekilini hem-de şäher bezegini suratlandyrmak meselesini öz öňünde belli bir wezipe hökmünde goýyarlar we ýurdumyzyň iň ähmiýetli çeperçilik bilimlerini türkmen jemgyýetiniň durmuşyna üsrünlikli ornaşdyrýarlar.

Amantuwak Aýnazarowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sungaty öwreniş kafedrasynyň talyby