Koronawirus pandemiýasy tutuş dünýä boýunça millionlarça adamyň psihiki saglygyna negatiw täsir etdi. Şeýle bildiriş bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) baş müdiri Tedros Adhanom Gebreýesus çykyş etdi. Bu barada iz.ru habar berýär.
“COVID-19 howsalany we gorkyny döredýändigi bilen millionlarça adamyň psihiki saglygyna täsir etdi. Ol psihiki saglyga ýardam etmek boýunça gulluklaryň işini hem bozdy” – diýip, guramanyň ýolbaşçysy belleýär. Mundan başga-da, ol negatiw täsiriň sebäbi hökmünde karantin bilen baglylykda adamlaryň arasynda özara gatnaşygyň ýok bolmazlygyny atlandyrdy.
BSGG-niň ýolbaşçysy psihiki saglygyň pandemiýadan öň hem “global saglygy goraýyşda ýatdan çykarylan mesele” bolandygyny ýatlap geçdi. Onuň aýtmagyna görä, dünýäde dürli agyrlyk derejesindäki psihiki bozulma bilen 1 mlrd töweregi adam ýaşaýar we her 40 sekuntda bir adam öz janyna kast edýär.
Şularyň ählisi bilen baglylykda baş müdir psihologik kömek beriji gulluklara hemaýat etmek üçin 10-njy oktýabrda halkara onlaýn-forumy geçirmäge çagyrdy. Forum Psihiki saglygyň bütindünýä gününe gabat getiriler. Soňky wagtlarda käbir ýurtlarda koronawirus bilen keselleýänleriň sanynyň ösüş depgininiň güýçlenýändigi barada aýtmak bilen, Tedros Adhanom Gebreýesus keseliň täze merkezleriniň köplenç, adamlaryň köp üýşýän ýeri bilen baglydygyny hem belledi. Gürrüň, aýratynam, stadionlar we gijeki klublar barada gidýär.