Formula 1 awtoýaryş görnüşiniň meşhur wekili bolan, “Mersedesiň” öňdebaryjy piloty Lýuis Hemilton özüniň şahsy muzeýini döretmek meýliniň bardygyny belläp geçdi. Ol bu döretjek muzaýinde “Formula 1” ýaryşlarynda gazanan ähli üstünliklerini beýan etmek isleýändigini aýdýar.
Ol bu barada: “Meniň ähli kuboklarym ýygnalgy dur. Beýle diýdigim, olar ýerzeminde ýygnalgy dur diýdigim däl, olaryň bary aýratyn bir ýere üýşürildi. Men sport ýolumda haýsydyr bir kubok ýa-da rekord üçin ýaryşamok. Ýaryşlara bu sporty halaýanlygym üçin gatnaşýan. Eger kimdir biri meniň öýüme myhman bolup gelse, onda ol meniň baýraklarymy görüp bilmez. Şonuň üçin men olaryň ählisini ýörite muzeýde goýmaly diýen pikire geldim. Meniň janköýerlerim meni hemişe goldaýarlar, olary meniň döretjek muzeýim hem gyzyklandyrsa gerek. Muzeýiň bahasy 1 funt bolar, ol pul bolsa haýyr-sahawat maksatlaryna harç ediler” – diýip, pikirlerini beýan etdi.
Hemiltonyň karýerasy barda aýtsak, ol 2007-nji ýylda başlan bu ýolunda umumylykda 88 ýaryşda ýeňiş gazanmagy başardy. Ýeňiş basgançagyna bolsa ol bu döwrüň içinde jemi 156 gezek çykdy. Meşhur pilot Mihaýel Şumaheriň rekordyna ýetmek üçin Hemiltona ýene dört ýaryşa gatnaşmak gerek.