Penşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň merkezi edarasynda Kiberhowpsuzlyk boýunça sertifikasiýalaşdyryş bölümini döretmegiň meýilleşdirilýändigi barada habar berildi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, bölümiň esasy maksady ýurdumyzda öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän programma üpjünçiliklerini hem-de tehniki serişdeleri sertifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr.
Maglumat howpsuzlygy ulgamynda milli standartlary we usullary işläp taýýarlamak, şol sanda halkara standartlar we tehniki kadalar bilen sazlaşdyrmak Türkmenistany sanlylaşdyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda aýtdy.
“Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyna” we “Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyna” laýyklykda, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugyna bu pudakda ulanyljak tehniki serişdeleri hem-de programma üpjünçiliklerini barlamak we sertifikasiýalaşdyrmak işlerini ýola goýmak wezipesi ýüklenildi.