Simsiz zarýad beriji ulgam bolan Apple AirPower — kompaniýanyň esasy
kemçilikleriniň biri. Kompaniýa meýilleşdirilýän ulgamyny — iPhone, Apple
Watch we Airpods ýaly enjamlaryň ählisine bolýan görnüşde zarýad beriji
ulgamyň döredilmegi heniz hem amala aşyryp bilmedi. Şonda-da bu ulgamyň bir
wagtda iki enjama çatmak mümkinçiligi bolan görnüşini döredip, ony geljekde
kämilleşdirmek göz öňüne tutulýar. Oňa diňe Apple Watch-y birikdirip bolmaýar.
Emma bu başa barmadyk işi eýýäm “Samsung” kompaniýasy öz tejribesinde amal
etdi.
Wireless Charger Pad Trio atlandyrylýan bu zarýad beriji enjamy adyndan
hem belli bolşy ýaly, üç ulgama zarýad bermek üçin niýetlenendir. Onuň esasy
USB-C porty bolup, bir bitewi bloga birikýär. Zarýadynyň kuwwatlylygy 15 Wt
barabardyr. Wireless Charger Pad Trio zarýad beriji enjamy sentýabr aýynda
köpçülikleýin önümçilige goýberiler diýlip garaşylýar. Ol Unpacked tehnologik
sergisinde ilkinji gezek ulanyjylara ýetiriler. Şol gün Samsung Galaxy Z Fold 2
hem satylyp başlanar. Bu zarýad berijiniň bahasy Wireless Charger Pad Duo-
nyňky bilen deň bolar.