Häzirki wagtda iň uly mesele bolup duran koronawirus pandemiýasy ilkinji
gezek Hytaýyň Uhan şäherinde peýda bolanyny bilýän bolsaňyz gerek. Şäher
häkimliginiň resmi wekilleriniň habar bermegine görä, şäherde 1-nji sentýabr
sişenbe gününden başlap ähli çagalar baglary we mekdepler açylar.
Sişenbe gününden güýzki okuw başlansa Uhandaky 2842 sany bilim ojagy
şäherdäki 1,4 million sany okuwçyny öz bagryna aljakdygy hakynda şäheriň
resmileri habar berýär. Uhan uniwersiteti bolsa 24-nji awgustdan öz işini başlady.
Mekdeplerde kesellere gözegçilik edýän ýörite hünärmenler we okuwlar
başlamazdan öň tanyşdyryş we duýduryş çärelerini geçirmeklik göz öňünde
tutulandyr. Mundan başga-da mekdepler her güni mugallymlaryň saglyk ýagdaýy
boýunça habarlary Saglygy Goraýyş edaralaryna ibermekleri gerek bolar.
Koronawirusyň “Watany” hasaplanýan Uhan şäheri ýanwar aýyndan güýçli
karantine alnypdy. Bu ýagdaý iki aýdan hem gowrak wagt dowam edipdi. Şäherde
koronawirusdan ýogalanlaryň sany 3860-a deňdir. Bu bolsa bütin hytaý boýunça
ýogalanlaryň 80%-ini emele getirýär.
Uhanda aprel aýynda karantin çäreleri ýatyrylypdy. Şundan soňra, şäher
kadaly durmuşa gaýdypdy. Bu ýerde 18-nji maýdan bäri koronawirus halaty
hasaba alynmady.