Britaniýaly alymlaryň alyp baran ylmy barlaglarynyň deslapky netijelerine
görä, mör-möjekleri kowmak üçin ulanylýan spreýleriň düzümindeki sitriodiol
diýip atlandyrylýan himiki madda koronawirusy ýok etmäge ukyplydyr.
Britaniýanyň goranmak ministrliginiň labarotoriýasynda iş alyp barýan
alymlaryň aýtmagyna görä, mör-möjeklere garşy ulanylýan spreýleriň düzüminde
bar bolan sitriodiol maddasyny wirus bilen suwuklyk bilen garylanda we barlag
edilýän gatlaga bu ikisini sürtülende striodiolyň wirusy ýok etmek häsiýeti
anyklanyldy.
Barlaglaryň netijesinde şeýle diýilýär: “Wirusyň garyndysy Mosi-guard diýip
atlandyrylan spreý bilen ýa-da saýlap alnan komponentler bilen garylanda COVID-
19-yň azalmagy ýüze ýüze çykdy. Mosi-guard köpräk goşulanda wirus uly
mukdarda kemeldi we gaýtadan dikelmeýän ýagdaýa geçdi”.
Sitriodiol maddasy siriodora agajynyň ýapragyndan we şahalaryndan alynýan
ýagdan taýýarlanylýar. Bu agaç Aziýa, Günorta Amerika we Afrikada ösýär.
Sitriodiol maddasynyň koronawirusyň başga görnüşlerini ýok edýändigi öňler hem
bellidi.
Beýik Britaniýanyň Goranmak ministrligi bu barlaglar koronawirusy öwrenip,
meseläniň çözgüdini gözleýän başga-da ylmy guramalar üçin esas bolup hyzmat
etjekdigini mälim etdi.
Mör-möjeklere garşy serişdeler koronawirusy ýok edip biler
