Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe saglyk ýagdaýynyň
ýaramazlaşandygy sebäpli möhletinden öň zähmet rugsadyna çykmagy
meýilleşdirýär. Bu barada ýurtdaky hökmürowan Liberal partiýanyň wekilleri
“reuters.com” habar berýärler. Netijede bolsa bu habar iýeniň hümmetiniň
artmagyna getirdi.
Habarlarda şeýle diýilýär: “Abeniň zähmet rugsadyna çykmagy öň çözülipdi.
Bu hut şeýle hem bolar”.
Ýaponiýanyň taryhynda iň bir uzak wagtlap Premýer-ministr bolan Abe köp
ýyllardan bäri içege kesellerinden jebir çekýär. Ol geçen bir hepdäniň içinde iki
gezek hassahana baryp saglygyny barlatdy. Bu bolsa onuň öz iş ýerinde möhleti
gutarýança galyp bilermi? Ýa-da galyp bilmezmi? – diýen soragy göz görtele öňe
çykarýar. Onuň öz wezipesinde galmak möhleti 2021-nji ýylyň sentýabryna
çenlidi. Abeniň zähmet rugsadyna çykmagy Liberal demokratik partiýada
ýolbaşçylyk üçin göreşi ýüze çykarmagy mümkin.
Abe ilkinji gezek 2006-njy ýylda Ýaponiýanyň dolandyryşyny ele alypdy.
Ýöne, 52 ýaşly Sindzo Abe bir ýyldan soň keseldigi sebäpli zähmet rugsadyna
çykypdy. Ol 2012-nji ýylyň dekabrynda ikinji gezek Premýer-ministr wezipesini
ele salandan soň häzirki wagta çenli “günüň çykýan ýurduny” dolandyryp gelýär.
Sindzo Abe saglyk ýagdaýy sebäpli işini taşlamakçy
