Geçen hepdede Amazonyň ýolbaşçysy Jef Bezos Ýer ýüzünde pul goryny
200 milliard dollara ýetiren ilkinji adam bolup taryha girdi. Bu geçen hepdäniň
çarşenbe güni, has takygy Amazonyň paýnamalarynyň rekord derejede
gymmatlamagy bilen bolup geçdi. Birža rallisiniň beýleki bir wekili hem Ilon
Maskdyr. Space X hem-de Tesla kompaniýalarynyň ýolbaşçysy bolup durýan
Maskyň umumy puly 100 milliarddan geçdi. Häzirki wagtda umumylykda onuň
hasabynda 104 milliard dollar bardyr.
Mask bilen Bezosyň aralygynda bolsa girdeji mukdary boýunça
tapawutlanýan Bill Geýts (125 milliard dollar) we Mark Sukerberg (111milliard
dollar) dagy bar. Eger Teslanyň hem paýnamalary gymmatlasa we Mask bu işini
kämilleşdirip bilse, onda onuň Geýtsi we Sukerbergi yzda galdyrmak
mümkinçilikleri hem ýokarydyr. Şeýle ýagdaýda ol dünýäniň ikinji baý adamsy
bolar. Soňky wagtda Bezosyň ozalky ýanýoldaşy Makkenzi Skott hem öz
baýlygyny ýeterlik derejede artdyrmagy başardy. Onuň baýlyk gory 65,5 milliard
dollar diýlip görkezilýär.
IT-kompaniýalaryň paýnamalarynyň soňky hepdede ýokarlanmagynyň
sebäbi ABŞ-nyň federal rezerw ulgamynyň gysga möhletlik prosent goýumlary
esasynda goldaw berýänligi bilen baglydyr. Munuň ýaly özgerişlikler bolsa
dünýäniň iň baý 500 adamsynyň umumylykda 809 milliard dollar gazanmagyna
getirdi. Ýogsam, muňa garamazdan, COVID-19 pandemiýasy zerarly köp iş
orunlary işgärsiz galypdy.
Dünýäniň iň girdejili adamlary barada täzelikler
