Sport ispan neşiri iňlisleriň “Mançester Siti” toparynyň Lionel Messini
düzümine goşmak üçin 500 million ýewro möçberinde töleg bermäge
taýýardygyny belläp geçýär.
33 ýaşly argentinaly futbolçy iňlis topary bilen ýyllyk tölegini 50 million
ýewro möçberinde 5 ýyllyk şertnama baglaşmagy meýilleşdirýär. Soňra bolsa 250
million ýewrony ABŞ-a giden mahaly bonus hökmünde alar.
Maglumatlar çeşmesiniň habar bermegine görä, Messi karýerasynyň 3
ýylyny Mançesteriň toparynda, galan 2 ýylyny bolsa “Nýu-Ýork Siti” toparynda
geçirer. Umumylykda, Messiniň 5 ýylda aljak tölegi jemi 500 million ýewro
barabar bolar. Ol bu ýyllaryň içinde iki ligada çykyş eder.
Ýatlap geçsek, Messi katalon toparynyň ýolbaşçylar düzümi bilen
oňuşmazlyklarynyň ýüze çykany zerarly topardan gitmek isleýändigini açyk beýan
edýär. Onuň soňky nokadyny bolsa “Bawariýa” toparyna garşy geçirilen şowsuz
duşuşyk goýdy (2:8).
Messi 2004-nji ýyldan bäri “Barselona” toparynyň düzüminde çykyş edip
gelýär. Ol bu toparyň düzüminde birnäçe gezek Ispaniýanyň kubogyny,
Çempionlar ligasynyň kubogyny hem-de UEFA-nyň Superkubogyny gazanmagy
başardy.
Arada berlen habara laýyklykda, Messiniň katalon toparynyň düzüminde
türgenleşik geçmek islemeýänligi, onuň türgenleşik meýdanyna gelmekçi däldigi
aýdylýar. Ol saglyk barlaglaryndan geçip, 2020/2021-nji möwsüme taýýarlyk
görýär.