Adamyň teni organizminde daşky sredanyň hapa täsirlerinden goralýan iň
ilkinji liniýasy hasap edilýär. Lukmanlar adam teniniň tämizligini üpjün edýän,
onuň gözelligini bir derejede saklaýan iň esasy miweleri ýüze çykardylar.
Lukmanlar tenimiziň tämizligi, arassalygy, onuň daşky täsirlerden
goraglylygyny üpjün etmekde, ony arassa saklamakda dürli hili gerekli ýörite
witaminleriň ýetmegini sazlamagy maslahat berýärler. Onuň üçin witaminli
miweleri, gök önümleri wagtly-wagtyna iýip durmak iň zerur çärelerdir.
Food.news neşiriniň habar bermegine laýyklykda, bu witaminler häzirki wagtda
giňden ýaýran we amatly bahaly miwelerde jemlenendir.
Biziň tenimiziň tämiz saklanmagynda ilkinji nobatda organizmimiziň talap
edýän witamini C witamini bolup durýar. Askorbin turşusynyň mysalynda bu
witamini dürli hili önümlerde, aýratyn hem sitrus miwelerinde tapmak bolýar.
Olaryň hatarynda limon, greýpfrut, laým, ananas, kiwi we mango ýaly miweler
bardyr.
Şeýle hem jan saglygymyza hem peýda edýän bu miweler uzak ömrüň açary
bolup durýar. Mundan başga-da, lukmanlar iýýän önümlerimize badamjan, şpinat,
käşir, mango we alma ýaly önümleri goşmagy maslahat berýärler. Şeýle-de, bu
sanawa çakyry hem-de garpyzy goşmak bolar.
Tenimizi tämiz saklalyň!
