Indoneziýada täze koronawirusyň mutasiýa bolan (geni özgeren) we ýene-de
ýokançly bolan görnüşi anyklanyldy. Bu barada Jakartadaky Molekulýar biologiýa
instituty 30-njy awgust güni habar berdi.
Aziýanyň günorta-gündogar sebitinde ýerleşen Indoneziýada koronawirus
bilen näsaglamak ýagdaýlary köpeldi. Saglygy goraýyş ministrligi ýekşenbe güni
2858 adamyň COVID-19 ýokuşandygy hakynda habar berdi. Bu şeýlelik-de
Indoneziýada koronawirus bilen kesellänleriň umumy sany 172 053 adama ýetdi.
7343 adam bolsa aradan çykdy.
Molekulýar biologiýa institutynyň rektorynyň orunbasary Herewati udoýonyň
aýtmagyna görä, institut toplanan nusgalar koronawirusyň “has ýokançly, ýöne
adam ömri üçin howpsuzrak bolan” D614G atly mutasiýasyny anyklandy. Sudoýo
ýurtda soňky wagtlarda kesellänleriň köpelmegi mutasiýa bolan koronawirus sebäp
bolýandygyny anyklamak üçin ýene-de ylmy gözlegler alyp barmak gerekdigini
belläp geçdi.
BSGG koronawirusyň mutasiýa bolan görnüşini fewral aýynda
anyklanylandygyny aýtdy. Şondan bäri geni özgeren koronawirus Ýewropa we
Amerika yklymlarynda, şeýle-de, Indoneziýanyň goňşulary Singapur we
Malaziýada ýaýrap gelýär.
Indoneziýa uniwersitetiniň epidimiologi Sýarizal Sýarifiň duýdurmagyna
görä, ýurt ätiýaçlylygy saklamagy gerekdir. Onuň aýtmagyna görä, ýagdaý örän
kyn. Häzirki wagtda ilatyň arasynda wirusyň ýaýrawy gözegçilikden çykyp gitdi.
Şeýle-de Sýarif ýurtdaky günlük kesellemek ýagdaýlary resmi hasaplamalardan
ençeme esse köp bolmagy mümkindigini goşmaça belläp geçdi. Ol Indoneziýada
koronawirus ýüze çykanlar ýylyň ahyryna çenli 500 müňe ýetmegi mümkinligi
hakynda aýdýarlar.
Paýtagt Jakartada 30-njy awgust güni wirus ýokuşmagy boýunça rekord
goýuldy. Şol güni 1000-den gowrak adama koronawirus saglyk netijesi
goýulypdyr. Şäher häkimiýeti bu ýagdaýy awgust aýynyň ortalarynda Garaşsyzlyk
baýramyny bellenilende ilatyň köçedäki hereketiniň köpelmegi bilen delillendirdi.
Indoneziýada koronawirusyň mutasiýa bolan täze görnüşi anyklanyldy
