Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Nýu-Ýorkda geçirilen “Masters” turniriniň
finalynda kanadaly Miloş Raoniçi ýeňdi. 2 sagat dowam eden oýunda Nowak
garşydaşyny 1:6, 6:3, 6:4 hasapda ýeňdi we ýaryşyň ýeňijisi boldy. Bu “Masters”
turniri ýeňijiligi arkaly Jokowiç 285 000 dollar we 1000 reýting utugy gazanmagy
başardy.
Ýeňijilik Jokowiç üçin iş tejribesinde ikinji Western & Southern Open
baýragydyr. Netijede bolsa, Nowak karýerasynda ikinji altyn “Masters”-i utmagy
başardy.
Belläp geçmeli ýeri, Nowak Žokowiç işiniň dowamynda ähli “Masters”
turnirlerinde ýeňijiligi gazanmagy başaran ýekeje tennisçisi hasaplanýar. Ondan
daşary hiç bir gezek bolsa hem ähli “masterslerde” utmagy başarmadyk
hasaplanýar.