S.A.Zwerew adyndaky Krasnogorsk zawody “Armiýa-2020” forumynyň
çäginde howadaky wiruslary, hatda koronawirusy anyklaýan Russiýadaky ilkinji
enjamy hödürlediler. Aýdylyşyna görä, “Didektor-BIO” adyny alan lukmançylyk-
biologik enjam diňe bir wirus barlygyny, eýsem bakteriýa we toksinleri hem
anyklap bilýär.
Bu barada Nowikow şeýle belleýär: “Bu Saglygy goraýyş ministrliginiň
ýanyndaky Gamaleýa instituty bilen hyzmatdaşlykdaky ylmy açyşdyr. Munuň ýaly
enjamyň kömeginde howanyň awtomatik barlagy üçin patogen we başga
goşundylar konsentrasiýasyndan gelip çykyp, 10 minutdan 30 minuda çenli wagt
sarp edilýär”.
Enjamyň synag işleri iýun aýynda tamamlandy. Onuň sertifikasiýasy
taýýarlanýar. Şol sebäpli hem buýurmalar hakynda häli gürlärden irdir. Zawodyň
direktory bu barada şeýle gürrüň berýär: “biz häzirki wagtda maksimal taýýarlyga
eýediris. Zerur ýagdaý ýüze çykanda müşderiler näçe mukdarda talap etse biz
şonça enjamy taýýarlap bereris. Esasy tarapy enjam ähli potogenleri anyklap bilýär
şol sebäpli hem ol raýatlyk gurşawynda we biologik howpsuzlygy üpjün etmek
üçin ulanylmagy mümkindir”.
‘Didektor-BIO” bir wagtyň özünde 86 sany wirusly infeksiýa keselleri we
bakteriýa gozgadyjylary, şeýle hem awtomatik režimde daşky gurşawdaky
toksinleri anyklamaga eýedir.
Barlag iki sany usul bilen amala aşyrylýar. Ondaky polimeraza zynjyr
reaksiýasy we immunofluoressensiýa usullary köpçüligiň ýygnanýan ýerlerinde,
medeni-köpçülik çärelerini geçirmekde howpsuzlygy üpjün etmekde peýdalanylar.