Meşhur “Forbes” žurnaly dünýäniň iň köp girdejili meşhur adamlarynyň sanawyny täzeledi. Ilkinji onlugyň ýarysyny bolsa meşhur türgenler eýelediler.
Bu sanawda 3-nji orunda 106,3 million dollar hasaby bilen Rojer Federer, yz ýanynda 105 million dollar hasaby bilen “Ýuwentus” futbol tioparynyň ýyldyz futbolçysy Kriştiano Ronaldonyň we “Barselona” toparynyň ýyldyzy Lionel Messiniň (104 million) atlary getirilýär. Sanawda 7-nji orny “Pari Sen-Žermen” toparynyň hüjümçisi Neýmar (95,5 million dollar), 9-njy orny bolsa meşhur basketbolçy LeBron Jeýms (88,2 million dollar) eýeleýär.
Umumylykda, TOP-10 sanawyny şeýle görkezmek bolar:
1.Kaýli Jenner — 590 mln $
2.Kanýe West — 170 mln $
3.Rojer Federer — 106,3 mln $
4.Kriştiano Ronaldo — 105 mln $
5.Lionel Messi — 104 mln $
6.Taýler Perri — 97 mln $
7.Neýmar — 95,5 mln $
8.Goward Stern — 90 mln $
9.LeBron Jeýms — 88,2 mln $
10.Dweýn Jonson — 87,5 mln $