Promowter Eddi Hirniň bellemegine görä, Aleksandr Powetkin bilen britaniýaly Dillian Waýtyň arasyndaky rewanş tutluşygy noýabr aýynyň 14-ne ýa-da 21-ne London şäherinde geçiriler.
Ýadymyzda bolsa, ägirtleriň ringdäki ilkinji duşuşygy 22-nji awgustda geçirilipdi. Onda rus boksçysy garşydaşyny esasy wagtyň 5-nji raundynda nokaut bilen ýeňmegi başarypdy. Şonuň netijesinde hem Powetkin agyr agram derejesinde WBC-niň wagtlaýyn çempionynyň kemerini gazanypdy.
Eddi Hirn IFL TV teleýaýlymyna beren interwýusynda gaýtadan geçirilmegi meýillişdirilýän tutluşyk barada: “Biz bu duşuşygy 14-nji ýa-da 21-njio noýabrda geçirmegi meýilleşdirýäris. Biz oňa eýýämden sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Ol Beýik Britaniýada geçiriler.” – diýip, belläp geçdi. Şeýle hem ol eger Waýtyň noýabrda geçiriljek duşuşyga gatnaşyp bilmedik ýagdaýynda onuň öňümizdäki ýylyň fewralyna ýa martyna çenli garaşmaly boljakdygyny beýan etdi.
Powetkin Waýt bilen gaýtadan tutluşyk geçirer
