Italiýanyň taryhynda dört gezek Premýer-ministr saýlanan Silwio Berluskoni koronawirus bilen näsaglady. Häzirki wagtda ol öýünde izolýasiýa alyndy. Bu barada onuň maşgala lukmany 2-nji sentýabr güni KHBS-lerde habar berdi.
83 ýaşly Berluskoniniň şahsy lukmany Aberto Zangrilloniň aýtmagyna görä, Berluskinoda COVID-19 alamatlary bolmadyk. Şeýle-de bolsa, ol Sardiniýa eden saparyndan soň barlagdan geçmek kararyna gelýär.
Berluskoni golaýda Ortaýer deňiziniň Sardiniýa adasyna dem almaga barypdy. Bu adada bolsa soňky wagtlarda koronawirus ýokuşan adamlar diýseň köpelipdi. Muňa bolsa Sardiniýa adasyna Italiýanyň ähli ýerlerinden gelýän syýahatçylaryň köplügi sebäp bolupdy.
Öňki Premýer-ministr häzirki wagtda Milan şäheriniň golaýynda ýerleşýän öýünde özüniň işini dowam etdirýär. Ýewropadaky koronawirusdan iň köp zelel çeken döwletlerden biri Italiýada häzirki wagta çenli 270 müňden gowrak adam koronawirus bilen keselledi. Olaryň 35 500-si bolsa aradan çykdy. Bu ýurtda koronawirusyň iň elhenç nokady mart we aprel aýlarynda bolup geçdi. Diňe şondan soň hökümete wirusyň ýaýrawyny azaltmak başartdy.
Ýöne, Italiýada awgust aýynda täze kesel halatlary ýene-de köpelip başlady. Bilermenler epidiomologik ýagdaýyň erbetleşmegi adamlaryň baýramçylyk we dynç alyş bahanasy bilen köpçülikleýin üýşmeleriniň sebäp bolýandygyny belleýärler.
Italiýanyň öňki Premýer-ministri Berluskonide koronawirus ýüze çykdy
