5-nji sentýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde mukaddes Garaşsyzlygyň 29 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet hem sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we çagalaryň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji konserti boldy.
Bäsleşige gatnaşan zehinli çagalar ir säher bilen döwlet berkararlygynyň hem mizemezliginiň ebedi simwolyna öwrülen mukaddes Garaşsyzlyk binasynyň öňüne ter gül çemenlerini goýdular.
Mukamlar köşgünde bolan dabaranyň çäklerinde binanyň giň eýwanynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana bagyşlanan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, şeýle-de zehinli çagalaryň öz döredijilik işleriniň sergisi-de guraldy. Bäsleşigiň jemleýji konsertinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň oňa gatnaşýan zehinli çagalara iberen Gutlagy okaldy. Soňra “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylan edebi-sazly waspnama ýerine ýetirildi. Ol bu konsertiň özboluşly açylyşy bolup, dürli halklaryň milli lybaslaryny geýnen zehinli çagalar öz ene dillerinde we daşary ýurt dillerinde ajaýyp aýdymy aýtdylar. “Mukam” çagalar skripkaçylar toparynyň çykyşlary hem täsirli boldy. Bulardan başga-da, konsertde Türkmen döwlet gurjak teatrynyň gutlag çykyşlary, her ýyl geçirilip gelinýän “Ýylyň parlak ýyldyzy” aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisiniň hem-de “Ruhubelent” çagalar tans toparynyň taýýarlan çykyşlary bäsleşige gatnaşýan zehinli çagalara baýramçylyk sowgady boldy.
Bäsleşige gatnaşan zehinli çagalar joşgunly çykyşlarynda özleri hakynda taýsyz tagallalary edýän döwlet Baştutanyna hoşallyklaryny, çaga ýüreklerinden çykýan alkyşlaryny, şeýle-de Watana, bagtyýar döwre bolan buýsançlaryny beýan etdiler. Ýaşajyk ýerine ýetirijileriň täsirli çykyşlary şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylanyldy.
Bäsleşigiň netijelerine görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, jemi 6 sany zehinli çaga — Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Ogulgerek Maksat gyzy Maksadowa, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Ýakup Batyrowiç Batyrow, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 3-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Kerimberdi Amanberdi ogly Abdyýew, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Mekan Alymow, Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Jennet Serdarowna Jumagulyýewa, Mary welaýatynyň Garagum etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Mekan Çarymyradowiç Çaryýew «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Olar Şa serpaýy – noutbuk kompýuterleri we degişli diplomlar bilen dabaraly ýagdaýda sylaglandylar. Bäsleşigiň jemleýji konsertine gatnaşan zehinli çagalaryň ählisine-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. «Arkadagly Watanyň bagtyýar balasy» diýen aýdym konserti jemledi. Ony bäsleşige gatnaşyjylar bilelikde ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjy zehinli çagalar Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji konserti geçirildi
