Düýn – 5-nji sentýabrda Aşgabadyň «Mekan» köşgünde, Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde, şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary boldy. Degişlilikde, ol dabaralara Mejlisiň başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet toplumynyň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem talyp ýaşlary, şol sanda harby talyplardyr harby okuwçylar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Dabaralaryň geçirilen ýerlerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň çuň zehininden we pähim-parasatyndan dörän kitaplarynyň sergisi hem guraldy.
Tanyşdyrylyş dabaralarynda çykyşlara giň orun berildi. Söz sözlänler “Asmandan arkaly, Zeminde zynatly”, “Zeminiň abatlygy – ýaşaýşyň ebediligi”, “Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar”, “Saglyk – abatlyk”, “Zähmetsöýerlik – gaýratlylygyň gözbaşy”, “Myhmansöýerlik”, “Dostluk – asylly ýörelge”, “Ynsaplylyk”, “Agzybirlik”, “Durmuşyň kadasy – paýhas pendi”, “Ýoluňyza rowaçlyk nur saçsyn!”, “Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym” atly jemi 12 bölümden ybarat bolan täze kitabyň ähmiýeti, many-mazmun aýratynlygy, geçmiş bilen geljegi birleşdirmekdäki, nesilleri watansöýüjilik, mirasa sarpa goýmak, milli ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmek, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekdäki orny hem gadyr-gymmaty dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler.
Medeniýet, sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, şeýle-de artistleriň täze kitapdan bölekleri, dürli rowaýatlary sahnalaşdyrmagy tanyşdyryş dabaralarynyň täsirliligini has artdyryp, olara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.
Täze kitap milletiň Lideriniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk ýubileýiniň bellenilýän ýylynda, şeýle-de mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen halkyna peşgeş beren ajaýyp sowgady boldy.
Tanyşdyryş dabaralarynyň ahyrynda olara gatnaşyjylar Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.