Los-Anjelosdaky Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary gara çaýyň beden agramyny sagdyn azaltmak üçin ýardam berýändigini we aşgazanyň sagdyn mikroflorasyny üpjün edýändigini anykladylar. “European Journal of Nutrition” žurnalynda çap edilen ylmy makala annotasiýasy “EurekAlert” saýtynda getirildi.
Ylmy barlaglar syçanlar bilen amala aşyryldy. Olar dört topara bölündi. Her bir topara ýörite naharlanmak kadasy bellendi. Iki gara we ýene-de ikisine bolsa gök çaý berildi.
Anyklanylmagyna görä, gara we gök çaý tejribe syçanlarynyň aşgazanyndaky bakteriýalaryň deňagramlylygyny özgerdipdir. Semremek bilen bagly mikro organizmleriň ülüşi kemelip, normal beden agramy bilen bagly bakteriýalaryň sany köpelipdir. Şeýlelikde, gara çaý semizligi aradan aýyrmak we kadaly beden agramyny sakalamk üçin iň bir peýdaly içgileriň biridir.
Gara çaý semizlige garşy iň gowy içgi
