1. Adamlar dişlerini agardyjy gymmatbahaly serişdelere we bejergilere köp mukdarda pul sarp edýärler. ýöne gynansak-da, olaryň köp bölegi özümiz garaşymyz ýaly netijeleri bermeýär. Şonuň üçin hem öý şertlerinde bu meseläni çözmegiň hemä arzan, hem-de peýdaly usullary bar.
    1.Iýmit sodasy
    Iýmit sodasy – kökeleri taýýarlamakdaky ýaly dişleri agartmakda hem jadyly güýje eýedir. Sodanyň köp bolmadyk mukdaryny arassa suw bilen garyşdyrmaly we peýdalanmakdan öň diş arassalaýjynyň üstüne sürtüň. Şeýle-de sodany dişleriňize barmaklaryňyz bilen hem sürtmegiňiz mümkin. Bir minut galdyryň we elbetde agzyňyzy gowy edip çaýkap taşlaň. Ýöne bir zady berk belläň! Bu usuly dowamly etmek dişleriň etine zyýan ýetirmegi mümkin. Şonuň üçin bu usuly hepdede iki gezek amala aşyrmak maksadalaýyk hasaplanýar.
    2.Miweleriň daşky gatlagy
    Eger siz häzirjik bana ýa-da apelsin iýen bolsaňyz onuň gabygyny zyňmaga howlukmaň! Miweleriň gabygy dişleriň etini gaýtadan dikelmek täsirini beriji häsiýete eýe bolan magniý, kaliý we marganes ýaly minerallara baýdyr. Eger mümkinçiligiňiz bolsa owradylan gabyklary diş ýuwujy serişdelere goşuň.
    3.Alma kislotasy
    Alma kislotasy diňe bir salatlar we naharlaryň tagamyny gowulandyrýar. Ol dişleri agartmakda we olaryň ýaldyramagynda hem kömek berýär. Dişleriňizi bu suwuklyk bilen ýuwuň we agzyňyzy çaýkaň. Bu amallary birnäçe günüň dowamynda gaýtalamak netijesinde olar ap-ak görnüşe gelýär we ýaldyraýar.