Ýetirilýän maglumatlara laýyklykda, katalon toparynyň hüjümçisi Antuan Grizman ýakyn geljekde futbol karýerasyny Angliýanyň Premýer ligasynda dowam eder. Emma bu magflumatlar häzirlikçe çaklama bolmagynda galýar.
Bu habarlaryň esasylarynyň biri bolan Daily Mailyň habarynda fransuz futbolçyny düzümine goşmak isleýän toparlaryň hatarynda iňlisleriň “Arsenal” hem-de “Liwerpul” toparlarynyň atlary görkezilýär. Bu iki tejribeli toparlaryň transfer etmekdäki meýilleri häzirki tranfser möwsüminde amal aşmagy mümkindir. Bu hem diňe taraplaryň ylalaşan ýagdaýynda.
Antuan Grizmanyň “Barselona” topary bilen baglaşan şertnamasynyň möhleti 2024-nji ýyla çenli dowam edýänligini hem belläp geçmek bolar.
Bu futbolçynyň transferi bilen bagly maglumata ser salsak, ol hem Bartomewiň Madridiň “Atletiko” toparyna Grizman bilen Felişi çalyşmak babatda eden teklibidir.