Dünýä meşhur Forbes žurnaly UFC promowşeniniň taryhy söweşijileriniň biri bolan irlandiýaly Konor MakGregoryň ýyllyk gazanýan girdejisiniň mukdary baradaky makalany çap etdi. Žurnalyň netijelerine laýyklykda, MakGregor dünýäniň iň baý meşhur adamlarynyň 100-ligine girýär.
Neşiriň sahypalarynda bellenilişine görä, UFC-niň ýeňil agram derejeleriniň iki agramy boýunça iki gezek çempiony 48 million dollar hasaby bilen meşhur adamlaryň baýlyk sanawynyň 53-nji ornuny eýeleýär. Bellesek, onuň bu hasabynyň 30 million dollary soňky geçiren tutluşygynyň hasaýbyna gazanylan girdejidir. Ol bu duşuşygyny Donald Serrone bilen geçirip, tehnik nokaut bilen ýeňmegi başarypdy.
Konor MakGregoryň girdejisiniň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde onuň hemaýatkärlik şertnamalaryny hem-de 2018-nji ýylda önümçiligini ýola goýan şahsy wiski önümçiligini hem goşmak bolar.
MakGregoryň ýyllyk girdejisi näçeräkkä?
