Sport äleminde çykyş eden döwründe Milli Basketbol Assosasiýasynyň 2 gezek MVP derejesine eýe bolan Stiw Neş degişli ligada çykyş edýän meşhur toparlaryň biri bolan “Brukliniň” tälimçilik wezipesine bellenildi. Bu habary ESPN resmi habarlar gullugynyň insaýderi Edrian Woýnarowskiý ýetirýär. Bu çeşmedäki maglumatlara laýyklykda, Stiw Neşiň “Bruklin” bilen baglaşan şertnamasy 4 ýyl möhlet üçin niýetlenendir.
Häzire çenli toparyň baş tälimçisi wezipesinde işlän Žak Won bolsa toparyň düzüminde galmak bilen, tälimçiniň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetirer. Şu hili ýagdaýda ol bu bellenen wezipesi boýunça NBA-nyň iň köp girdejili hünärmeni bolar.
Neş barada aýdanymyzda, ol 2015-nji ýylda basketbolçy hökmündäki karýerasyny tamamlady. Häzirki güne çenli bolsa “Golden Steýt Worriorz” basketbol toparynda konsultant bolup işledi.
Ýatlasak, Nýu Ýorkuň toparynyň ýolbaşçylar düzümi möwsüm dowam edýän mahaly Kenni Atkinsony wezipesinden aýrypdylar we tejribeli tälimçiniň gözlegine çykypdylar. Bulardan başga-da, aslynda “Bruklin” toparynyň “San-Antonio Spýors” toparyna tälim berýän Greg Popowiçi düzüme tälimçi hökmünde çagyrýandygy barada habarlar ýaýrapdy. Emma olar bu meýlinden ýüz döndürdiler.