Sarymsak dümew we sowuklamanyň öňüni alýan serişde hökmünde gadym zamanlardan bäri ulanylýar. Biziň gündelik eşidýän oňaýly täsirlerinden başga-da onuň ynsan saglygy üçin peýdasy gaty köpdür. Aşakdakylary okap siz hem her günki naharlaryňyza sarymsagy goşmagyňyz mümkindir.

Sarymsak güýçli dermanlyk häsiýetlere eýedir
Müsürliler, grekler we ýaponlar birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda sarymsakdan dermanlyk serişde hökmünde peýdalanypdyrlar. Sarymsagyň düzüminde köp mukdarda kükrt sulfaty bar. Bu madda sarymsagyň ajy ysy we tagamyny üpjün edýär. Bulardan başga-da, kükürt kislotasy bedenimiziň netijeli işini ýola goýmagynda hem möhüm ähmiýete eýedir. Ol gan damarlarynda ganyň lagtalanmazlygy bilen baglanyşykly kesellerde we iýmit siňdiriş ulgamynyň işiniň näsazlygynda bize kömek edýär. Sarymsak aşgazanasty mäziniň öz şiresini kadaly öndürmägini hem gowulandyrýar.
Mikroplara garşy göreşýär
Mälim bolşy ýaly, güýz we gyşky möwsümde ýiti respirator we ýokançly keseller güýçlenýär. Şonuň üçin hem sarymsagy edil şu möwsümde özüňiziň tagamnamaňyza girizmegiňiz durmuş zerurlygy hasaplanýar. Saglyk hakynda köpçülikleýin makalalary çap edýän neşirleriň biriniň ýazmagyna görä, sarymsak lukmanlar tarapyndan ýazylyp berilýän iki sany antibiotige garanda 100 esse netijelidir. Onda-da onuň, içege infeksiýalary bilen netijeli göreşini aýratyn belläp geçmek zerurdyr.
Rak we gipertoniýa bilen göreşýär
Sarymsak ýürek, gan-damar ulgamyna uly täsire eýedir. Esasan hem, sarymsak bagyrdaky holesterin üçin jogap berýän fermentleri parçalamak häsiýeti sebäpli, gandaky holeteriniň mukdaryny azaldyp bilýär. Bu hemmesi däl. Sarymsakly naharlary iýeniňizde arterial gan basyşy düşýär. Aterosklerozyň öňüni alýar we ýüregiň işine oňaýly täsir edýär.
Käbir ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamynyň bilermenleri aşgazan we ýogyn iýege rakynyň adamlarda duşmagynyň azalmagy sarymsagy köp kabul etmek bilen düşündirýärler. Bulardan başga-da, yzygiderli sarymsak iýmeklik gandaky süýjiniň mukdaryny kadaly ýagdaýda saklamaga ýardam berýär we süýjili diabetiň öňüni alýar.
Sarymsak sagdyn saç we derimiziň gözelligini üpjün edýär!
Alymlar birbäçe tejribeleriň üsti bilen sarymsagyň düzümindäki maddalaryň adamyň saçy we boýunyň ösüşine oňaýly täsir edýändigini anykladylar. Daşky gurşawdaky dürli sebäpler ýa-da witaminleriň ýetmezçiligi sebäpli saçlaryň dňkülmeginde goşmaça dermanlyk serişde hökümnde kömek edýär. Kosmetologlaryň pikirine görä, özüniň mikroplara garşy göreşmek häsiýeti sebäpli sarymsak deriniň umumy ýagdaýyny has-da gowulandyrýar. Ondan dogry we netijeli peýdalanmak bolsa derimizi has hem mylaýymlaşdyrýar.

Bägül HALMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 213-nji toparyň talyby