7-nji sentýabrda Ispaniýa Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň arasynda koronawirus ýüze çykan adamlaryň sany 500 müňden geçen ilkinji ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda bu ýurtda koronawirusyň ikinji tolkuny başlandy hasaplaýarlar. Bu ýagdaý esasan hem, mekdepleriň açylmagy sebäpli boldy diýýärler.
Ispaniýanyň Saglygy Goraýyş ministrligi 7-nji sentýabr duşenbe güni ýurtda COVID-19 bilen kesellänleriň ýene-de 2440 adama köpelip, olaryň umumy sany 525 549 adama ýetendigi hakynda mälim etdiler.
Şeýle-de, geçen bir gije-gündizde Ispaniýada 8 adam koronawirusdan aradan çykdy. Häzirki wagtda aradan çykanlaryň jemi 29 516 adamy emele getirýär. Bu Ispaniýada ähli wirusy ýokuşdyran adamlaryň 6 göteriminiň aradan çykarandygyny aňladýar.
Ispaniýada soňky günlerdäki täze kesellemek ýagdaýlary köp halatda ýaşlarda bellige alynýar. Beýle adamlaryň immun ulgamy gowy bolandygy üçin olarda wirusyň alamatlary duýulmaýar. Ýöne, häzirki wagtda Ispaniýada ölüm derejesi wirus ýokarlanan aprel we maý aýlaryndan ençe pesligine galýar. Şonda günlük ölüm ýagdaýlary 800-den hem geçipdi.
Ispaniýa hökümeti baharda ýüze çykan birinji tolkuny karantin kadalaryny amala aşyrmak arkaly gözegçilige almagy başarypdy. Emma, iýun aýynyň ahyrynda adamlaryň hereketine goýlan çäklendirmeler alyp taşlanany hem-de giň gerimli barlag işleri başlanyşy ýaly täze kesellemek ýagdaýy hem köpeldi we günlük täze keselleriň sany 100-den 10 00-e çenli ýokarlandy. Munuň bilen Ispaniýa Näsaglaryň sany boýunça Ýewropadaky koronawirusdan zelel çekýän Italiýa, Britaniýa we Fransiýa ýaly döwletlerden hem ozup gitdi.
Ispaniýada koronawirus ýokuşanlaryň sany ýarym milliondan geçdi
