Şu ýylyň awgust aýynyň jemleri boýunça hytaýlaryň TikTok priloženiýasy dünýäde iň meşhur priloženiýa hökmünde yglan edildi. Muňa Sensor Tower serwisiniň ýetirýän maglumatlary hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Umumylykda hasaplananda, TikTok App Store-da hem, Google Play-da hem ýükläp alnan priloženiýalaryň içinde iň ýokary sany özünde jemläp, birinji orny eýeleýär. Degişli serwisiň habar bermegine laýyklykda, şu ýylyň diňe awgust aýynyň dowamynda Ýer ýüzüniň adamlary bu priloženiýany 63,3 million gezek öz enjamlaryna ýükläp alypdyrlar. Olaryň hem aglaba bölegini Braziliýanyň, şeýle-de Indoneziýanyň ilaty tutýar.
Bu ugurdaky neşir edilen sanawa ser salsak, App Store-da ikinji basgançagy Zoom priloženiýasy eýeleýär, Google Play-da bolsa bu ýer TikTok Snack Video priloženiýesine degişlidir. Analitikler şeýle görkezijileriň ýokary bolýandygyna garamazdan, käbir ýurtlarda bu priloženiýany gadagan edýändiklerini aýdýarlar. Sebäbi bu priloženiýanyň ABŞ-da ulanylyşyny gadagan etmek isleýärler, Hindistanda bolsa ol eýýäm doly gadagan edildi.
Dünýäniň iň meşhur priloženiýasy
