Transfer ylalaşyklarynyň çäginde iň gyzykly hem ünsüňi çekiji transfer hökmünde kolumbiýaly futbolçy Hames Rodrigesiň APL çempionatyna gelmegini belläp geçmek bolar. Liwerpul şäheriniň “Ewerton” futbol topary Hamesi düzümine goşmak bilen onuň Madridiň “Realy” üçin geçirilýän transfer tölegini ýeterlik pese düşürmegi başardy.
Kolumbiýaly futbolçy duşenbe güni iňlisleriň “Ewerton” topary bilen “2+1” shemasyna laýyklykda şertnama baglaşdy. Toparlar bu transfer şertnamasynyň töleg aýratynlyklaryny ýüze çykarmadylar. Emma soňra internet sahypalarynda peýda bolan maglumatlara laýyklykda, madridlileriň futbolçy üçin 20 million funt sterling soraýandyklary belli boldy. Iň soňky maglumatda bolsa kolumbiýaly futbolçynyň “Ewerton” toparyna umumy hasap boýunça 12 million funta düşendigi mälim edildi.
29 ýaşly Hames eýýäm “Ewertonyň” düzüminde türgenleşiklere hem gatnaşyp, ajaýyp gollaryny geçirip başlady. Bellesek, ol geçen futbol möwsüminde 14 gezek gol bilen tapawutlanyp, 2 gezek ýardam pasyny geçirmegi başardy.
Hames APL-iň ýyldyzlarynyň birine öwrüler
