Köp sanly adamlar güýz paslyny ýylyň iň romantik döwri hasaplaýarlar. Bu pasylda ýapraklar saralýar we gyzyl görnüşe girýär. Penjireden bolsa ýagşyň ýagýandygyny görmek bolýar. Bu owadan hem ajaýyp görnüş hemişe adamy täsin duýgular dünýäsine alyp gidýär. Emma käbir adamlar güýzi aýralygyň we gam-gussanyň pasly hasaplaýarlar. Ýöne näme bolsa-da, ýylyň bu möwsümi edil beýlekiler ýaly, özboluşly gözeldir. Ine, şu ýerde bolsa size güýz bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary bermeklige çalyşdyk.
Ýer şarynda ýaşaýan ähli halklaryň wekilleri güýz paslynyň nämedigini bilmeýär. Tropik sebitde ýaşaýanlara “güýz” sözüni düşündirmek kyn bolmagy mümkin.
Ýeriň günorta ýarym şarynda güýz martdan maýa çenli dowam edýär. Senenama güýzi meterorologik döwre dogry gelýär, emma astronomik gijikme bilen bolsa biraz wagtdan soň girip gelýär.
ABŞ-nyň alymlary tarapyndan toplanan statistik maglumatlara görä, güýz aýlarynda doglanlar ýylyň başga döwürlerinde doglanlara seredende ortaça uzak ömür görýärler.
Güýz paslynda sussupeslige uçramak hiç hili hyýaly ýagdaý däl. Bu ilatyň takmynan 5 göterimine täsir edýär.
“Güýz” sözi dürli dillerde esasan hem “hasyly ýygnamak” sözlerinden emele gelipdir.
Ýapraklar güýz paslynda adatça tiz saralýar. Käbir ýagdaýlarda bolsa birnäçe günüň içinde agaç reňkini bütinleý özgertmegi mümkin. Ýapraklarda hlorofil öndürmeklik togtaýar we tiz wagtda ýapraklar reňkini özgertýärler.
Bilýän bolsaňyz, Ekwatorda hiç wagt güýz bolmaýar.
Güýz aýlarynda atmosfera basyşy peselýär. Käbir wagtlarda bolsa bu birdenkä bolýar. Bu meteorologiki ýagdaý adamlara käbir oňaýsyzlyklary döredip bilýär.
Golaýda geçirilen ylmy barlaglar güýz paslynda adamlarda gorky duýgusynyň güýçsüzlenýändigini görkezdi.
Şygryýetde we aýdym-saz äleminde güýz aýralygyň we gam-hasratyň simwoly hökmünde häsiýetlendirilýär.
Statistiki maglumatlarda aýdylyşyna görä, iň köp toý dabaralary güýz möwsüminde geçirilýän ekeni.
Russiýada XVIII asyra çenli güýz resmi ýagdaýda 23-nji sentýabrda başlanyp, 25-nji dekabra çenli dowam edipdir.
Güýz – pasyllaryň özboluşlysy
