Häzirki wagtda kompaniýanyň bu täze döreden gözleýji ulgamy 170 ýurduň çägi üçin hereket edip, 50 den gowrak dili özünde jemleýär.
Ýakynda Hytaýyň tehnologik kompaniýasy Huawei Developer Conference 2020 ady bilen öndürijileriň konferensiýasyny geçirdi. Duşuşykda Huawei Consumer Business Cloud Services-iň prezidenti Çžan Pingan Huawei hem-de Honor kompaniýalarynyň ulanyjylaryna Google-y düýbünden ýatdan çykarmaga getirjek täze gözleýji ulgamyň döredilendigi barada aýtdy.
Şeýle-de sözüniň dowamynda Çžan Pingan bu gözleýji ulgamyň, esasan hem, Huawei kompaniýasynyň smartfonlaryny ulanyjy adamlaryň maglumat gözlegini amala aşyrmakdaky maksatlary üçin niýetlenendigini aýratyn belledi.
Mundan ozal, Huawei App Gallery-de orun alan Petal Search gözleýji ulgamyny ulanyşa goýberdi. Emma bu gözleg ulgamy uly göwrümli yklymlarda Google, Yandex ýaly gözleg ulgamlarynyň bolmagy bilen häzirlikçe uly bir ähmiýete eýe bolmaýar.
Häzir Huawei-iň “akylly gözleg” ulgamy birnäçe kategoriýalarda işläp bilýär:
“Ýerli” kontaktlary, tekstli sms-leri, bellikleri we ş.m. gözläp bilýär.
“Integrirlenen” islendik kategoriýalara degişli, mysal üçin habarlar, wideolar, aýdymlar, programmalar… zatlaryň gözlegini amala aşyrmak bolýar.
“Priloženiýa” ýörite diňe priloženiýalary gözlemek üçindir.
Huawei-iň smartfonlary täze gözleýji ulgama eýe boldular
