Android-smartfonlarynyň kämillik derejesini bal bilen ölçeýän meşhur AnTuTu bençmarkyny esaslandyryjylar 2020-nji ýylyň awgust aýy boýunça iň kuwwatly smartfony ýüze çykardylar. Bu ugurda iş alyp barýan hünärmenleriň aýtmaklaryna laýyklykda, bu reýting 10 sany iň kuwwatly smartfonlary özünde jemleýär.
TOP-uň ýokarky ýedi basgançagyny Qualcomm Snapdragon 865 platforma esasly smartfonlar eýeleýär. Olaryň içinde soňky Plus wersiýasynda işleýän modelleri hem bardyr. Olar iýulda tanyşdyrylypdy, beýleki smartfonlar bolsa tomsuň ikinji ýarymynda köpçülige ýetirilipdi.
Reýtingiň “Altyn” orny Asus ROG Phone 3 smartfonuna degişli boldy. Ol daty bolmadyk görnüşde bolup, esasan, wideooýunlary bilen gyzyklanýan ýaşlaryň üns merkezinde durýar. Hünärmenler onuň netijesine 615 bal berdiler. Ikinji we üçünji orunlary Snapdragon 865 platformasynda işleýän OnePlus 8 Pro we Oppo Find X2 Pro smartfonmlary eýeleýär. Sanawyň dördünji ornunda bolsa Samsung Galaxy Note 20 Ultra 5G smartfony durýar.
Şeýle-de sanawyň soňky üç ornuny hem Samsungyň öz Exynos 990 prosessorlaryndan peýdalanýan smartfonlary tutýar. Täsin ýeri hem, sanawa Huaweiň hiç bir modeli hem-de MTK prosessorly smartfonlar girizilmändir.
AnTuTu bençmarky smartfonlaryň güýjüni kesgitlemekde smartfonlaryň merkezi prosessor kuwwatyna, grafik wideo tizlendirijisine, şeýle-de operatiw ýadynyň we üpjün edijisiniň işleýiş tizligine üns berýär.