ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň SLAC döwlet laboratoriýasynyň alymlary 3200 megapiksellik ilkinji barlag suratlaryny düşürdiler. Bu suratlar Çilide guruljak Wera Rubin adyndaky obserwatoriýanyň teleskopyna oturdyljak dünýäniň iň uly sanly kamerasy arkaly alyndy. Bu baradaky maglumatlar SLAC-yň öz resmi saýtynda giňişleýin berilýär.
Düşürilen suratlaryň hili örän ýokary bolany üçin olary görmäge jemi 378 sany 4K grafik aýratynlykly telewizor gerek bolupdyr. Onuň durulygynyň mümkinçiligi bolsa 25 kilometrden golf topjagazyny görmäge mümkinçilik berýär. Şu ýylyň ýanwarynda döredilen bu kameranyň önümçiligiň has-da ýokary derejelere göterilmegine itergi berjekdigini belleýärler.
Bu kamera obserwatoriýada goýlan wagtyndan başlap panorama şekilinde Ýer şarynyň bütin günorta bölegini 10 ýylyň dowamynda surata düşürer. Alnan maglumatlar bolsa özünde 20 milliard töweregi galaktikany jemleýän LSST (Legacy Survey of Space and Time) atly uly astronomik katalogyň esasyny düzer.
Alymlaryň ýene-de bir belleýän zatlary, täze kamera adamlary gadymy täsin rowaýatlaryň syrlary barada çaklamalaryny açmaga hem ýardam eder.
Täze kameranyň mümkinçilikleri örän giň. Ol diňe bir 3,2 milliard pikseli özünde jemlemek bilen çäklenmän, hatda ol pikseller hem 10 mikron giňlikdedir. Bu bolsa has ýokary durulykda surata düşürmek mümkinçiligini döredýär.
Dünýäniň iň uly sanly kamerasy ilkinji suratlaryny düşürdi
