Niderlandlaryň ezber hüjümçisi Memfis Depaý karýerasyny indiden beýläk fransuzlaryň “Lion” toparynda dowam etdirmez. Bu barada ispanlaryň Marça gazeti habar berýär.
Neşiriň bu babatda berýän maglumatlaryna laýyklykda, ol futbol älemindäki ýoluny katalonlaryň düzüminde dowam eder. Toparlaryň ikisiniň hem Depaýyň transferi babatdaky şertnamanyň oňyn amala aşyrylmagy ugrunda tagallalar edýändikleri we bu şertnamanyň 30 million ýewro tölegi esasynda kesgitlenjekdigi bellenip geçilýär.
Habar bermeklerine laýyklykda, bu transferiň başlangyjy Kumanyň tälimçilige geçmegi bilen başlandy. Depaý bilen niderlandlaryň milli ýygyndysynda bile işleşen Ronald Kuman futbolçynyň öz toparynda çykyş etmegini isleýär.
26 ýaşly Depaý fransuz toparynda 2017-nji ýylyň 20-nji ýanwaryndan bäri çykyş edýär. Şonda ol “Mançester Ýunaýted” toparyndan 16 million ýewro transfer edilipdi. “Lion” toparynyň düzüminde futbolçy häzirki wagta çenli 139 duşuşyga gatnaşyp, 57 gezek gol geçirmegi hem-de 43 gezek ýardam pasyny bermegi başardy.