Nerw merkezleriniň zynjyrlary bilen hereket edip, gaýtalanyp duran stress ýagdaýy biziň gaýga batmagymyza getirýär, netijede biziň süňklerimiz bolsa mineral maddalaryny, olaryň gymmatlyklaryny ýitirýär.
Depressiýada we howsala düşmek ýaly ýagdaýlarda biziň süňklerimiziň minerallar gymmatlyklary azalýar we olaryň döwülmek mümkinçiligi öňkülere garanyňda görnetin ýokarlanýar. Munuň şeýle bolýandygyny bolsa psihonewrologik meseleleri öwrenýän ylmy barlaglaryň netijeleri görkezýär. Bu barada aýtmak bilen nerw näsazlyklary bilen dürli hili kynçylyklary döredip biljek keselleriň hem gazanylmagynyň mümkindigini bellemelidir.
Depressiýa we howsala düşmek köp halatda hronologik stressiň esasynda döreýär. Hytaýyň ylymlar akademiýasynyň hünärmenleri bu babatda eýýäm köp sanly tejribe işlerini geçirip gelýärler. Şeýle-de stress işiň köp bolmagyndan, ukynyň ýetmezliginden we potensial konfliktleriň ýüze çykmagyndan döreýär.
Fiziologiýa has içgin düşünmek üçin bu tejribäni syçanda geçirip gördüler. Munuň üçin syçany mejbury hronologik stresse düşürmeli boldy. Netijede onuň hem süňkleriniň mineral maddalary azalyp başlapdyr. Syçanyň kömegi bilen geçirilen degişli prosesde ähli zatlaryň terminal zolakda neýron toparlarlaryndan başlanýandygyny mälim etdiler. Şeýlelikde, stress hem howsala duýgulary biziň süňklerimize neýron zynjyry arkaly geçýär.
Stressiň süňklerimize ýetirýän zyýany dogrusynda…
