BMW kompaniýasy täze döretjek bu tehnologiýasynyň işleýşini öz ulgamlarynyň ýol şertlerinde amal eder. Bu amal edilen täze oýlap tapyş bolsa BMW hem-de Tactile Mobility kompaniýalarynyň tagallasyna degişlidir.
Bu täze tehnologiýa bilen ilkinji nobatda BMW awtoulag kompaniýasynyň geljek ýyldan dörediljek modelleri üpjün ediler. Olar bolsa eýýäm öňümizdäki ýylyň ýanwaryndan dilerlere paýlanar.
Uly abraýdan peýdalanýan bu kompaniýanyň hünärmenleri täze ulgamyň awtonom dolandyryljak awtoulaglarda mümkinçilikleriniň köp hem şol esasda amatly boljakdygyny belläp geçýärler. Olar bolsa ýakyn geljekde biziň durmuşymyza doly aralaşar.
Ýörite geçirijileriň tekerleriňgapdallaryna goýulmagy köçedäki örtükleriň sanyny hasaplamaga ukyplydyr. Bu tehnologiýa hereket eden mahalynda güýç agregaty, tekeriň daşkysy, sägindiriji baradaky maglumatlary aňsatlyk bilen almak bolýar. Şunuň bilen baglylykda, BMW awtoulagynyň umumy ýagdaýy barada maglumatlary bilip durmak funksiýasy hereket edýär. Şeýle hem awtoulagyň umumy ýagdaýy baradaky maglumatlar onuň hereket edýän çägine jogap berýän ýolbaşçylara hem ýetiriler.
Hanowa Gülüstan,,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünyä dilleri institutynyň talyby