Awstraliýaly alymlaryň aýtmagyna görä, balary zäheri barlaghana şertlerinde bir sagatda iň güýçli şikeslenme ýetirip biljek öýken ragynyň dokumalaryny ýok edýär. Zäher we onuň düzümindäki melittin maddasy bejermek örän kyn bolan iki hili rak- üç sany otrisatel we HER2 belogy bolan rak öýjüklerine garşy ulanylyp görüldi.
Bu tejribe geljekde ýürek rakyna garşy balary zäherini dermanlyk serişdesi hökmünde ulanmak ähtimallylygyny orta atdy. “nature Precision Onkology” žurnalynyň ýazmagyna görä, oýlap tapyş “juda aljyraňňy” diýip bahalandyrylýar. Emma alymlar häli ýene-de synaglaryň geçirilmeginiň gerekdigini aýdýarlar.
Balary zäheriniň melanoma ýaly başga görnüşdäki rak öýjüklerine garşy ulanmak mümkinçiliginiň barlygy öň hem tassyklanypdy. Awstarliýaly alym Kiara Daffi balary zäheri üstünde barlaglara ýolbaşçylyk edýär. Barlaglarda 300 sany balary we dag tüýli arysyndan alnan zäheriň nusgalary synag edildi.
Ylmy barlaglaryň ýolbaşçysy Kaira Daffi öz alyp baran işi hakynda şeýle belleýär: “Balarylardan alnan ekstrakt “juda güýçli” bolup çykdy. Zäheriň bir konsentrasiýasy bir sagatda başga öýjüklere zelel bermeýän ýagdaýda rak öýjüklerini öldürişi anyklanyldy. Emma dozanyň artdyrylmagyna görä zäherlilik derejesi hem ýokarlanýar.
Barlagçylar melittin birleşmesiniň özi rak öýjükleriniň köpelmeginiň öňüni almakda netijeli täsir edip biljekdigi anykladylar. Melittin balary zäherinde tebigy ýagdaýda duş gelýär. Emma ony ony emeli ýol bilen hem alyp bolýar.
Käbir birleşmeler öýken rakynyň öýjüklerini laboratoriýada ýa-da syçanlarda ýok edip bilýär. Emma bu oýlap tapyşlardan kliniki barlaglarda nämedir bir zat özgermegine ýetip barýança ençeme menzil ýol geçmek gerek bolýar.
Balary zäheri öýken rakyna garşy dermanlyk serişde bolup biler
