Amerikanyň Illinoýs ştatyndan professional balykçy Jeff Kolodzinskiý 24 sagatda 2645 sany balyk tutup, dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada UPI portaly habar berdi.
Jeff balyk awuny 9-njy sentýabr güni ýerli wagt bilen irden sagat 9-da başlap, bir gije-gündizden soň bolsa tamamlady. Ol bu görkezijiden öň bir gije-gündiziň dowamynda 2172 sany balyk tutup, Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdi.
Bu gezek balykçy Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekillerine delil hökmünde özüniň rekord derejedäki balyk awuny kamera alyp olara iberdi. Ol balyk awunyň kömeginde “Fishing For Life” (Durmuş üçin balyk awy) sahawat kompaniýasy üçin 20 müň dollar toplamagy meýilleşdirýär.
Balyk tutmak boýunça dünýä rekordy täzelendi
