Eger bilýän bolsaňyz, günebakaryň ynsan saglygyny berkitmekde peýdasy gaty uludyr. Biz bolsa sizi günebakar çigidiniň şeýle peýdaly häsiýetleriniň birnäçesi bilen tanyşdyrmagy maksat edindik. Geliň olar bilen tanşyp geçeliň!
Düzüminde şatlyk dörediji garmon – serotonin öndürmäge hyzmat edýän tiamin maddasy barlygy sebäpli, günebakar çigidi ruhubelentligi üpjün edýär. Şonuň üçin hem köp adamlar oňa uly höwes bilen güýmenje hökmünde garaýarlar. 100 gr günebakar çigidiniň düzüminde günlük kletçatkanyň 42% mukdary bardyr. Bu madda aşgazan we içege ýollary üçin peýdaly bolup, iýmit siňdiriş işini işjeňleşdirmek ukybyna eýedir. Günebakar çigidiniň düzüminde gan damarlarynyň içini arassalamak hem-de olary elastik we berkleşdirmäge hyzmat edýän zerur maddalaryň kompleksi bar.
Köp mukdarda kalsiý barlygy üçin osreoporozdan saklanmakda bir günde bir gysym günebakar çigidiniň maňzyny kabul etmeli. Ýene bir peýdaly häsiýetlerinden biri – ol organizmde insulin maddasyny bölünip çykarylmagyny güýçlendirýär. Şonuň üçin ol süýjili diabetde peýdalydyr. Metobolizmi güýçlendirip madda çalşygyny gowulandyryp bilýär.
Düzüminde aminokislotalaryň köplügi sebäpli stress we infeksiýalara çydamlylygy hem güýçlendirýär. Poli doýmadyk kislota we aminokislotalar damarlarda dykynlaryň emele gelmeginiň öňüni alýar. Ýagyny bolsa derini idetmekde peýdalanmak bolýar. Beýleki önümlere garanda, sink maddasynyň köplügi sebäpli saçlaryň dökülmegine garşy göreşmekde ulansa bolýar. Testosteron garmonynyň mukdaryny kadalaşdyrýar. Şonuň üçin ol erkek adamlar üçin hem örän peýdalydyr.