Microsoft kompaniýasynyň esaslandyryjysy, dünýäniň 2-nji belgili iň baý adamy Bill Geýtsiň kakasy Uilýam Geýts 94 ýaşynda Alsgeýmer keseli sebäpli aradan çykdy. Bu barada Bill Geýtsiň özi Twitterde mälim etdi.
Bu aýralykly waka hakynda milliarder şeýle belleýär: “Meniň kakam “hakyky” Bill Geýtsdi. Kakam meniň bolmak isleýän adamymdy. Men indi ony günde görüp bilmeýärin”.
Geýtsiň mälim etmegine görä, onuň kakasy 14-nji sentýabrda maşgala agzalarynyň arasynda aradan çykypdyr. Şeýle-de milliarder şeýle goşmaça hem getirýär: “Biz ony küýsäris! Bu duýgyny beýan edip bolmaýar. Kakamyň ölümi garaşylmadyk waka bolmady. Ol 94 ýaşdady, saglyk ýagdaýy bolsa günsaýyn erbetleşip barýardy. Şol sebäpli hem durmuşymyzda uzak ýyllaryň dowamynda şeýle ajaýyp ynsanyň bolmagynyň nähili derejede uly bagtdygyny aňlamaga wagtymyz boldy. Kakam uzak we juda möhüm ömri ýaşady. Men hiç haçan ondan danalyk, mähribanlyk we aýdylana gulak salmaklygy öwrenmekden togtamazdym”.
Milliarderiň aýtmagyna görä, kakasy oňa çagalygynda özi islän iş bilen meşgullanmaga rugsat bermändir. Şeýle etmek bilen ol häli öwrenilmedik täze zatlary öwrenmäge itergi beripdir. Onuň aýtmagyna görä, kakasy Bill Geýtse kompaniýa dörän ýyllarynda hukuk tarapdan uly kömek beripdir.
Milliarderiň 94 ýaşly kakasy aradan çykdy
