Şu ýylyň başyndan bäri dünýäniň 47 ýurdundan azyndan 366 žurnalist koronawirus sebäpli aradan çykdy. Bu barada “Press Emblem Campaign” halkara žurnalistler guramasynyň baş kätibi Blez Lempen adam hukuklary boýunça geňeşiň Ženewada bolup geçen 45-nji sessiýasynda mälim edendigi hakynda Anadolu habarlar agentligi maglumat berýär.
Bellenilmegine görä, soňky wagtlarda pandemiýa sebäpli KHBS-de zähmet çekýän işgärleriň arasynda, aýratyn, Hindistanda gurban bolanlaryň sany köp hasaplanýar. Lempen geňeşe agza 47 döwleti žurnalistleriň saglygyny goramak üçin ýörite çäreleri görmäge çagyrdy.
PEC-iň maglumatlaryna görä 1-nji iýuldan sentýabra çenli koronawirusdan ýogalan žurnalistleriň sany ýylyň başyna seredende iki esse köpelipdir. Meselem, “täçli wirus” Latyn Amerikasynda 205 sany, Aziýada 90 sany, Ýewropada 28 sany, Afrikada 22 sany, Demirgazyk Amerikada 21 sany žurnalistiň aradan çykmagyna sebäp boldy.
PEC ýyl başyndan bäri 54 sany žurnalist dürli sebäplere görä ýogalandygyny mälim etdi. Şol sebäpli hem dünýä KHBS-niň ýitgileri şu ýyly 400 žurnalistden geçdi. Halkara žurnalistler guramasy KHBS-de zähmet çekip wepat bolan žurnalistleriň garyndaşlaryna we maşgala agzalaryna göwünlik bildirdiler.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Dünýäde şu ýylyň başyndan bäri 400 sany žurnalist COVID-19 sebäpli aradan çykdy
Dünýäde şu ýylyň başyndan bäri 400 sany žurnalist COVID-19 sebäpli aradan çykdy
