Bu model ýewropa ýurtlaryna noýabr aýynda ýaýradylar. Kompaniýa LG Wing ady bilen döreden täze smartfonunyň aýratynlygy hökmünde ikinji öwrülýän ekranyny ýerleşdirdi.
Smartfonyň esasy P-OLED ekranynyň displeýiniň diagonaly 6,8 dýuýma barabar. Onuň goşmaça ekranynyň displeýiniň diagonaly bolsa 3,9 dýuýma deň bolup, ol tekstleri ýazmak, şeýle hem täze ýüze çykýan giriş jaňlary, bildirişleri, habarlary görmek üçin ulanmakda amatlydyr. Wing modeli Snapdragon 765G prosessory esasynda işleýär, onuň komplektasiýasyna bolsa 8 gigabaýt operatiw ýady we 128/256 fleş ýady girýär.
Wing modeliniň kamerasy 64 megapiksel durulykda, goşmaça kameralary bolsa 12 hem 13 megapikseldir. Öňki kamera bolsa täzeçe funksiýalara eýe bolmak bilen 32 megapiksele eýedir. Akkumulýatorynyň sygymy 4000 mAsag bolup, Qi simsiz zarýadlandyrylýan ulgam bilen üpjün edilendir. Bulardan başga-da, smartfon suwdan hem gumdan goraýjy IP54 ulgamyny özünde saklaýar.
LG Wing ilkinji bilen noýabr aýynda Ýewropa ýurtlaryna ýaýradylar. Onuň bahasy 1100 dollar bolar diýlip kesgitlenilýär.
LG-niň iki ekranly täze smartfony
