Saud Arabystanynyň hökümeti öz raýatlarynyň daşary ýurtlara çykmagyna we ýurda gaýdyp gelmegine 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan rugsat bermegi mümkin. Bu barada ýurduň resmi SPA agentligi habar berýär.
Awtomobil, deňiz we howa ýoly arkaly hereketlenmäge goýlan çäklendirme bolsa geljek ýylyň başynda alyp taşlanar. Çäklendirmeleriň takyk haýsy wagtda aýryljakdygy barada 30 gün öňünden habar beriler. Şondan soňra Pars aýlagy arap döwletleri hyzmatdaşlygy geňeşine agza ýurtlaryň raýatlary hem-de wizasy bar daşary ýurtlylaryň Saud Arabystanyna girmegine rugsat berler.
Olar koronawirusa test tabşyryp 48 sagat alnan maglumatnama eýe bolmaklary zerurdyr. Bulardan başga-da, Saud Arabystanynyň döwlet hökümeti haj zyýaratlaryny tapgyrma-tapgyr dikeltmegi wada berdi.
Ýatladyp geçsek, koronawirus pandemiýasy sebäpli Saud Arabystany ähli halkara gatnawlaryny mart aýynyň başynda togtadypdy.