Koronawirus pandemiýasy sebäpli Şwesiýa nagt pul serişdelerini ulanyşdan bütinleý aýyrmagy mümkindigi hakynda Bloomberg habar berýär.
Agentligiň bellemegine görä, Şwesiýa şeýle-de nagt pul dolanşygy boýunça dünýädäki iň pes görkezijini görkezýär. Halkara hasaplamalar bankynyň 2018-nji ýylky maglumatlaryna görä, ýurduň JIÖ-niň 1,3 göterimi nagt pul serişdelerine dogry gelýär. Eger deňeşdirip görsek, ABŞ-da bu görkeziji 8,2%-i, Ýewro sebitde bolsa 10,9%-i tutýar.
Şwesiýanyň Klarna onlaýn-bankynyň maglumat bermegine görä, pandemiýa çenli onuň müşderileri 63% ýagdaýda kontaktsyz tölegden peýdalanan bolsa, häzirki wagtda bu görkeziji 73%-e ýetdi. Bu barada bankyň müşderiler bilen işlemek boýunça menejeri Wiweka Soderbak şeýle diýýär: “Adamlar pul ellemegi islemeýärler”.
Maglumat berilmegine görä, günlük çykdajylar üçin ata-enelerden pul alýan çagalaryň sany hem köp däl. Iýunda geçirilen pikir soraşmalarda mälim bolmagyna görä, diňe 16% çagalar ata-enelerinden nagt pul alýarlar. Öz nobatynda Şwesiýanyň iň uly Swenska Handelsbanken banky çagalaryň smartfon arkaly dolandyrmagy mümkin bolan sanly gapjyklary teklip edýär.