Milanyň “Inter” futbol kluby 33 ýaşly futbolçy bilen geleşik baglaşdy. Emma şertnamanyň şertleri we transfer nyrhy mälim edilmedi. Öňräk Milan kluby Kataloniýa toparyna Widalyň transferi üçin 1 million ýewro tölemegi, Arturo “Interde” ýyllyk 6 million ýewro zähmet haky alýandygyny habar berdi.
Şertnama 202-nji ýylyň tomsuna çenli düzülen we taraplar hyzmatdaşlygy ýene-de bir ýyla uzaltmagy mümkin. Widal “Barselona” klubynyň düzüminde 2018-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýärdi. Oňa çenli “Kolo-Kolo”, “Baýýer”, “Ýuwentus” we “Bawariýa” ýaly klublaryň abraýyny gorap meýdançalara çykypdy. 2007-nji ýyldan bäri Çiliniň ýygyndy toparynyň agzasy hasaplanýar.
“Inter” Widalyň transfer ediljekdigini aýtdy
