ToDay News Ufa neşiri satiriki žanrdaky “Mirasdüşerler” atlandyrylan serialyň iň gowy film hökmünde “Emmi” baýragyna mynasyp bolandygy barada ýazýar.
HBO teleýýlymynyň ýaýlyma goýberýän meşhur “Mirasdüşerler” serialy Los-Anjelesde geçirilen “Emmi” telewideniýe baýragynyň 72-nji seremoniýasynda iň gowy film hökmünde kesgitlenip, degişli kategoriýasy boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi. “Drama seriallarynyň iň ökde aktýory” diýen şöhratly ada hem bu serialda çykyş eden Jeremi Strong eýe bolmagy başardy.
“Drama seriallarynyň iň ökde aktýor zenany” baýragynda bolsa “Eýforiýa” atly serialdaky ýerine ýetiren roly üçin Zendeýa sylaglandy. “Iň gowy komediýa serialy” diýen baýrak bolsa “Şitts Krik” serialynyň paýyna düşdi. Interfaksyň maglumatlaryna laýyklykda, baýrak gowşuryş dabarasynyň dowamynda umumylykda 7 sany ýeňiş heýkeljigi öz mynasyp eýelerini tapdy.
Ýujin Lewi we Ketrin O’Hara “Komediýa seriallarynyň iň gowy aktýorlary” diýen ada, Den Lewi — “Ikinji planyň iň gowy aktýory” we “Komediýa serialynyň iň ökde ssenaristi” ýaly atlara hem-de Enni Merfi — “Ikinji planyň iň ökde aktýor zenany” ýaly baýraklara mynasyp boldular.
Ýatlap geçsek, “Emmi” ABŞ-nyň telewideniýesi boýunça iň naýbaşy baýraklaryň biri hasap edilýär.
“Emmi” baýragynyň netijeleri
