Los-Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary göwrümi 100 nanometre barabar bolan sowadyjy enjamy döretdiler. ACS Nano ylmy-tehnologik neşiriniň habar bermegine laýyklykda, alymlar özleriniň döreden bu enjamlaryny dünýäniň iň kiçijik sowadyjysy diýip hasap edýärler.
Täze sowagyjyny döreden hünärmenler onuň ulgamynda ýarymgeçirijileri we geçirjileri ulanmak bilen onuň gyzmagyny we sowamagyny ýola goýdular. Olaryň işiniň esasy materialy bolsa wismut tellurid we surma-wismut boldy.
Sowadyjy adaty kiçijik termoelektrik sowadyjylardan hem 10 müň esse kiçidir. Emma başga bir tarapdan onuň netijeleri adaty sowadyjylaryňkydan düýpli tapawutlanýar. Ol bir kub santimetrlik kiçi sowadyjylardan millionlarça esse güýçli hem-de adaty biziň uly sowadyjylarymyzdan bolsa onlarça million esse çalt işleýär.
Işiň awtorlary bu hili kiçijik göwrümli sowadyjylaryň mikroelektronika enjamlaryny sowatmakda esasy orna eýedigini belleýärler.
Iň kiçi sowadyjy döredildi
