Apple kompaniýasy modelleriniň atlarynyň ahyryndaky göwrümi bilen bagly bolan Mini sözi bolan görnüşleri bilen hem meşhurdyr. Bulara mysal hökmünde iPod mini, Mac mini iPad mini ýaly modelleri belläp geçmek bolar. Internet habarlaryna esaslansak, olaryň ýene bir nesli — iPhone 12 mini peýda bolar.
Insaýderiň bellemegine görä, kompaniýanyň iPhone 12 modeliniň çägindäki önümçiligi özünde dört sany görnüşli smartfony jemlär. Olar iPhone 12 Pro Max, iPhone 12 Pro, iPhone 12 we olaryň täze bir görnüşi bolan iPhone 12 minidir. Bularyň soňkusy 5,4 dýuýmlyk displeýli kompakt ekranlydyr. Diňe göwrüm babatda tapawutlanmasa, ol galan ähli aýratynlyklary boýunça adaty 6,1 dýuýmlyk iPhone 12 bilen meňzeş bolar.
Bellemeli zatlaryň biri, bu täze meýilleşdirilýän model barada kompaniýanyň resmi saýty anyk maglumatlary bermeýär. Emma häzirlikçe insaýderler bu smartfonyň dörediljekdigini ynam bilen belleýärler.
iPhone 12 mini — täze model
