Tennis sporty boýunça häzirki wagtda dünýä reýtinginiň lideri bolup durýan serbiýaly Nowak Jokowiç Rimde geçen “Masters” ýaryşynyň ýeňijisi bolmagy başardy.
Rimde geçen açyk çempionatyň final tapgyrynda Jokowiç argentinaly Diego Şwars (ATP reýtinginde 15-nji orunda) bilen duşuşyk geçirdi. Onuň netijesinde bolsa duşuşyk 7:5, 6:3 hasap bilen Jokowiçiň ýeňşi bilen tamamlandy. Gyzykly geçen bu ýaryşyň final tapgyry 1 sagat 54 minutlap dowam etdi.
Jokowiç bu baýragy professional karýerasynda eýýäm bäşinji gezek eýeleýär. Ol mundan ozalky “Masters” baýragyny 2015-nji ýylda gazanypdy. “Mastersiň” iň köp ýeňiş gazanan türgeni bolsa Rafael Nadaldyr. Ol bu ýaryşyň baýragyny jemi dokuz gezek gazanmagy başarypdyr.
Italiýanyň Açyk çempionaty ilkinji gezek 1930-njy ýylda geçirilip, onda amerikaly Bill Tenden ýeňiji bolupdyr.
Rim. “Masters”. Jokowiç ýeňiş gazandy.
